MA-da zorlukly ekstremizmiň öňüni almak meseleleri sebitara forumda maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde ýaşlaryň iş bilen meşgul bolmagy we Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça geçirilen sebitleýin forumyna gatnaşdylar.
Çäre BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýadaky Sebitleýin merkezi bilen BMG-niň terrorizme garşy göreşmek müdirligi tarapyndan bilelikde gurnaldy.
Birnäçe günüň dowamynda gatnaşyjylar ýaşlaryň zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meselelerine goşulmagy babatynda öňdebaryjy tejribäni ara alyp maslahatlaşdylar. Zorlukly ekstremizmiň ýaýramagyny ýaşlaryň işe ýerleşmek mümkinçilikleriniň giňelmegi we ýaşlary okatmak bilen bagly meseleleri çözmek ýoly arkaly öňüni almaklyga aýratyn seredilip geçildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesi we degişli maslahatlar döwlet edaralarynyň wekilleri, hususy ulgam we ýaşlar guramalary tarapyndan ulanyljak hereketleriň ýol kartasyna goşuldy.
Forum ÝB — BMG başlangyjynyň “Aziýada zorlukly ekstremizme bolan durnuklylygy artdyrmak” (STRIVE Asia) çäklerinde BMG - Merkezi Aziýada Global terrorizme garşy strategiýasyny amala aşyrmak boýunça hereketleriň täzelenen meýilnamasynda görkezilen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda gurnaldy. Oňa Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdundan döwlet we hususy ulgamlardan, ýaşlar guramalaryndan 50-den gowrak wekil, şeýle hem akademiki toparlardan, raýat jemgyýetinden, şeýle hem halkara bilermenler we ýaşlar gatnaşdylar.
Gürrüňsiz, ýaşlar durmuş taýdan durnuklylygy ýokarlandyrmakda, jemgyýetleri birikdirmekde we gülläp-ösmegi üpjün etmekde örän möhüm we ýerini tutup bolmajak orun eýeleýärler.
ORIENT habarlar
Surat: unrcca.unmissions.org








