HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Marsdaky InSight zondy uçuşyny tamamlady we öz abunaçylary bilen «hoşlaşdy»

Dekabr 24, 2022 | 15:57 |5425
NASA-ň InSight älem giňişliginde dört ýyldan gowrak syýahat edenden soň Marsda alyp baran ylmy-barlaglary geçirmegi tamamlady. Şol ýyllaryň dowamynda InSight zondy Gyzyl planeta hakynda köp özboluşly ylmy maglumatlary toplady – diýip, ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek baradaky Milli müdirligi habar berýär.NASA-ň InSight älem giňişliginde dört ýyldan gowrak syýahat edenden soň Marsda alyp baran ylmy-barlaglary geçirmegi tamamlady. Şol ýyllaryň dowamynda InSight zondy Gyzyl planeta hakynda köp özboluşly ylmy maglumatlary toplady – diýip, ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek baradaky Milli müdirligi habar berýär.
Çeşme:

NASA-ň InSight älem giňişliginde dört ýyldan gowrak syýahat edenden soň Marsda alyp baran ylmy-barlaglary geçirmegi tamamlady. Şol ýyllaryň dowamynda InSight zondy Gyzyl planeta hakynda köp özboluşly ylmy maglumatlary toplady – diýip, ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek baradaky Milli müdirligi habar berýär.

Zond aragatnaşyga çykman başlandan soň NASA ylmy-barlag işlerini tamamlamak baradaky karara geldi. Alymlar onuň bilen iki gezek aragatnaşyga girmäge synanyşdylar, emma onuň günden işleýän akkumulýatorlarynyň indi energiýa öndürmeýär diýen netijä geldiler. Soňky gezek InSight bilen aragatnaşyk 15-nji dekabrda boldy.

«Her niçikde bolsa agentlik gondurma modulynyň signalyna üns berip garaşar, ýöne edil şu wagt ony almak mümkin däl» – diýip, NASA-da bellediler.

«Meniň kuwwatym örän pes derejede, şeýlelikde bu meniň iberip biljek iň soňky şekilim bolmagy ahmal. Meni alada etmäň: meniň bu ýerdäki wagtym öndürijilikli we juda asuda boldy» – diýip, InSight zondy Twitterdäki abunaçylary bilen hoşlaşmak bilen, Marsda düşüren soňky suratyny iberdi.

Марсианский зонд InSight завершил миссию и «попрощался» с подписчикамиМарсианский зонд InSight завершил миссию и «попрощался» с подписчиками

InSight zondy NASA tarapyndan Marsa 2018-nji ýylyň maý aýynda ugradylypdy, noýabr aýynda bolsa ol Marsa baryp düşüpdi. Şonda ol Gyzyl planetanyň üstünde alnan ilkinji suratyny ugradypdy, dekabrda bolsa ol ýerdäki şemalyň sesini ýazyp alypdy.

ORIENT habarlar
Surat: Twitter.com / @NASAInSight

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026