FIFA-nyň prezidenti Infantino Katarda geçirilen dünýä çempionatyny taryhda iň gowy çempionat diýip atlandyrdy


Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Katarda geçirilen dünýä çempionatyny taryhda iň gowy çempionat diýip atlandyrdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Katar futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny alan ilkinji arap we musulman ýurdy boldy. Argentina - Fransiýa ýaryşynyň finaly 18-nji dekabrda "Lusail Aýkonik" stadionynda geçiriler.
Ondan ozal Infantino 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen mundialy taryhdaky iň gowy dünýä çempionaty diýip hasaplaýardy.
“Biz biragyzdan hemmelere jebis zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu taryhda iň gowy dünýä çempionaty boldy. Zenan eminleri (Stefani Frappar) we ýarym finala çykandygy üçin Marokko toparyny aýratyn bellemek isleýärin" – diýip, Infantino habarçylara aýtdy.
“FIFA-nyň bu dünýä çempionatyndan girdejisi 7,5 milliard dollara deň boldy. Bu dört ýyl mundan ozal (Russiýada) geçen çempionatyňkydan 1 milliard köp. 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň oýunlaryna 3,27 million tomaşaçy gatnaşýar, Russiýada 3.03 million adam bardy. Janköýerleriň köpüsi ýaryşlara Saud Arabystanyndan, Hindistandan, ABŞ-dan, Angliýadan we Meksikadan gelipdirler" - diýip, Infantino sözüniň üstüni ýetirdi.
ORIENT news
Foto: gettyimages.com








