HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Parlament diplomatiýasyny işjeňleşdirýär

Dekabr 17, 2022 | 05:47 |4861
Milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygyny, hukuk düzgün-tertibini ösdürmek, ýurduň ykdysady bähbitlerini öňe ilerletmek hem-de döwletiň dünýä derejesinde oňyn abraýyny kemala getirmek boýunça häkimiýet işiniň düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň Parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňligi bilen bellendi.Milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygyny, hukuk düzgün-tertibini ösdürmek, ýurduň ykdysady bähbitlerini öňe ilerletmek hem-de döwletiň dünýä derejesinde oňyn abraýyny kemala getirmek boýunça häkimiýet işiniň düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň Parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňligi bilen bellendi.
Çeşme:

Milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygyny, hukuk düzgün-tertibini ösdürmek, ýurduň ykdysady bähbitlerini öňe ilerletmek hem-de döwletiň dünýä derejesinde oňyn abraýyny kemala getirmek boýunça häkimiýet işiniň düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň Parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňligi bilen bellendi.

Ýanwar-noýabr aralygynda dürli döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 31-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlarynyň 137-ne gatnaşdylar hem-de daşary ýurtlarda 21 iş saparlarynda boldular.

Şu döwürde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlament forumy, MA-nyň we Russiýanyň zenanlar dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlar dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisi boldy. Şolarda bu düzümde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň netijeleri jemlenildi.

Ýylyň başyndan bäri, Halk Maslahatynyň – türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygynyň baştutanlygyndaky wekiliýetleri Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Ýaponiýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda bolup, ýokary wezipeli ýolbaşçylar bilen gepleşikleri hem-de duşuşyklary geçirdiler. Halk Maslahatynyň başlygy Türki döwletleriň baştutanlarynyň geňeşiniň Samarkantda geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Mundan başga-da, Aşgabatda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary, RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa-Merkezi Aziýa” parlament dostluk toparynyň başlygy we beýlekiler bilen duşuşyklar geçirildi.

Milli parlamentiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýasy ulgamynda şeýle netijeler anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026