Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi: sebitdäki durnuklylyk we Ýewropa üçin gaz barada
** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2022%2F12%2F23122922ferrari.jpg&w=3840&q=75)
** Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2022%2F12%2F23122922ferrari.jpg&w=3840&q=75)
“Türkmenistan adatdan daşary uly geljegi bolan, syýasy taýdan goldawa eýe bolmagy bilen tebigy serişdelere baý ýurtdyr, bu bolsa ony sebitde durnuklylygyň möhüm ýagdaýyna öwürýär” diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Luidji Ferrari ilçileriň Farnezinada (ýerleşen ýeri boýunça – Farnezina köşgünde Italiýanyň daşary syýasat edarasy şeýle atlandyrylýar) geçirilen maslahatyň çäklerinde aýtdy.
“Ilkinji nobatda, gaz – munuň özi 15 trillion kubmetr ätiýaçlyk gory bolan möhüm serişdedir, bu bolsa Türkmenistany dünýäde 4-5-nji orunda goýýar” diýip, ilçi sözüni dowam etdi. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň gazynyň ätiýaçlyk gorlarynyň ýarsyndan azrak möçberdäki baýlykdyr diýip, Italiýanyň Ansa habarlar agentligi diplomatyň sözlerini getirýär.

“Häzirki wagt bu gazyň 80%-i Hytaýa üstaşyr iberilýär” diýip, Ferrari sözüniň üstini ýetirdi. – Biziň borjumyz bu serişdäniň Hazaryň üsti bilen Türkiýä akyp bilmegini hem-de Günorta Ýewropa üçin elýeterli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr – diýip, ilçi aýtdy.
Ilçileriň Italiýadaky maslahaty 21-22-nji dekabrda “Italýan diplomatiýasy üýtgäp durýan dünýäde ýurduň gullugynda” diýen şygar astynda Farnezinada geçirildi. Çäre bütin dünýä boýunça Italiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlarynyň 100-den gowragyny bir ýere jemledi. Maslahat ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Ýöne, mejlisleriň käbiri KHBS-leriň wekilleri üçin açyk boldy.

ORIENT news








