HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Netflix Temirlen hakynda taryhy film düşürer

Dekabr 23, 2022 | 04:48 |25821
Bütindünýä meşhur Netflix onlaýn-kinoteatry Temirlen ady bilen has meşhur bolan Özbegistanyň gahrymany Emir Temir hakynda taryhy film düşürer. Eksterýer ýazgylaryň köp böleginiň Gazagyztanda, interýer ýazgylaryň bolsa Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, bu ýurtlaryň habarlar agentlikleri habar berýär.Bütindünýä meşhur Netflix onlaýn-kinoteatry Temirlen ady bilen has meşhur bolan Özbegistanyň gahrymany Emir Temir hakynda taryhy film düşürer. Eksterýer ýazgylaryň köp böleginiň Gazagyztanda, interýer ýazgylaryň bolsa Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, bu ýurtlaryň habarlar agentlikleri habar berýär.
Çeşme:

Bütindünýä meşhur Netflix onlaýn-kinoteatry Temirlen ady bilen has meşhur bolan Özbegistanyň gahrymany Emir Temir hakynda taryhy film düşürer. Eksterýer ýazgylaryň köp böleginiň Gazagyztanda, interýer ýazgylaryň bolsa Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, bu ýurtlaryň habarlar agentlikleri habar berýär.

Doly göwrümli film “Temirlen” diýlip atlandyrylar hem-de Orta, Günorta we Günbatar Aziýanyň, şeýle hem Kawkazyň, Powolžýäniň we Rusuň taryhynda örän uly orun eýelän Orta Aziýanyň beýik türk-mongol serkerdesiniň ömri we kemala gelşi barada gürrüň berer. Kinolenta ABŞ-nyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylarynyň hyzmatdaşlygynda düşüriler. Taslama daşary ýurtlaryň meşhur artistleri hem gatnaşarlar.

Filmiň režissýory Jeýkob Şwars. Taryhy taslama üçin çylşyrymly tilsimleri Gazagystanyň Nomad Stunts meşhur kaskadýorlar kompaniýasy goýar. Kinorežissýor bu kompaniýany saýlap almagynyň tötänden däldigini belledi, çünki oňa bu sebitde ýaşaýan adamlaryň gündogar medeniýetine başgaça garaýyş we pikir zerurdy.

“Men Emir Temiriň taryhyny gürrüň bermegi hem-de ony günbataryň tomaşaçysy üçin gyzykly etmegi başararys diýip umyt edýärin. Häzir ýerli taryh barha uly meşhurlyga eýe bolýar, şoňa görä-de, men biziň filmmiziň günbataryň hem-de gündogaryň tomaşaçylarynyň arasynda köpri gurmaga kömek etmegini isleýärin” diýip, Şwars belledi.

Filmiň ýazgylary 2023-nji ýylyň baharynda başlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026