HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maýyplygy bolan adamlara kömek etmek üçinmaglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Dekabr 23, 2022 | 06:08 |7558
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maýyplygy bolan adamlar barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we olardan peýdalanmak boýunça okuw seminary tamamlandy.BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maýyplygy bolan adamlar barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we olardan peýdalanmak boýunça okuw seminary tamamlandy.
Çeşme:

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan maýyplygy bolan adamlar barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we olardan peýdalanmak boýunça okuw seminary tamamlandy.

Gibrid görnüşinde geçen okuw milli statistika müdirlikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň we mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek üçin maglumatlary ýygnamak, seljermek we ýaýratmak bilen meşgullanýan beýleki taraplaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmalydyr.

Interaktiw okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylar maýyplygy bolan adamlar barada maglumatlary ýygnamagyň usullary we gurallary, olaryň derňeliş we düşündiriliş ýörelgeleri bilen tanyş boldular. ÝUNISEF-iň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndaky statistika we monitoring baradaky, maýyplygyň statistikasy boýunça Waşington toparynyň bilermenleri ÝUNISEF-iň mümkinçiligi çäklendirlen çagalar hakyndaky bütindünýä hasabatynyň netijelerini hödürlediler.

Maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň 31-nji maddasy ony tassyklan agzalar bolup durýan döwletlere “şu Konwensiýany durmuşa geçirmek üçin olar syýasaty kesgitläp we durmuşa geçirip bilerler ýaly anyk maglumaty, şol sanda statistika we ylmy-barlag maglumatlaryny ýygnamagy talap edýär”.

Şuňa meňzeş talaplar durnukly ösüş Maksatlarynda hem goýlandyr. 17-nji maksat ýokary hilli, öz wagtyndaky we dezagrigirlenen maglumatlara bolan elýeterliligiň ýokarlandyrylmagynda ýurtlara goldaw bermek boýunça anyk wezipäni öz içine alýar.

ORIENT habarlar
Surat: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026