HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda täze maglumatlar ulgamyny ornaşdyrylýar

Dekabr 24, 2022 | 17:17 |7828
Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda täze maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmagyň üstünde işleýärler, munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip düzüldi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda täze maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmagyň üstünde işleýärler, munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip düzüldi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanda bilimi dolandyrmakda täze maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmagyň üstünde işleýärler, munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip düzüldi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

ÝUNISEF ýurdumyzyň Bilim ministrligi we Innowasiýa maglumatlar merkezi bilen bilelikde bu ulgamy durmuşa geçirmek boýunça bilimi dolandyrmagyň maglumatlar ulgamy bilen tanyşdyrmak we milli hünärmenlere ondan peýdalanmagy öwretmek boýunça okuw geçirdi.

Çäräniň gatnaşyjylaryna – bilim ulgamyndaky we okuw edaralaryndaky maglumatlary toplamak we hasabatlylyk boýunça jogapkär hünärmenlere bilimi dolandyrmagyň maglumatlar ulgamy boýunça synag goşundysy hödürlendi, ol ýöriteleşen ugur boýunça maglumatlary ýygnamaga, hyzmat etmäge, seljermäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga niýetlenendir.

Täze ulgamyň ulanylmagy bilim ulgamyndaky maglumat toplamak prosesini awtomatlaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, şeýle hem ony ýeke-täk amatly ölçegde ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.

Uzagyndan «Türkmenistanda bilimi dolandyrmagyň maglumatlar ulgamy» boýunça okuw gollanmasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

ORIENT news
Surat BMG-nyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026