HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri Finlýandiýanyň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşdylar

Dekabr 22, 2022 | 14:39 |7116
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýanyň agzalary Ýewropa döwletiniň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşmak üçin Finlýandiýada boldular – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarynda mälim edilýär.Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýanyň agzalary Ýewropa döwletiniň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşmak üçin Finlýandiýada boldular – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarynda mälim edilýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýanyň agzalary Ýewropa döwletiniň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşmak üçin Finlýandiýada boldular – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarynda mälim edilýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Finlýandiýanyň daşary işler ministrligi, durmuş üpjünçilik we saglygy goraýyş ministrligi, bu ugurdan ýöriteleşen dürli merkezler we edaralar bilen, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen duşuşyklary geçirdiler.

Туркменские специалисты ознакомились с системой социальной защиты Финляндии

Türkmen hünärmenlerini BMG-niň Adam hukuklary hakynda Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryň taýýarlanyş prosesi bilen, maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi, ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda Halkara şertnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Ählumumy döwürleýin Syn boýunça maslahatlar bilen tanyşdyrdylar.

Finlýandiýadaky kärdeşler ýurtda maýyplaryň hukuklaryny goramak syýasaty bilen, maýyplaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda halkara işjeňligi baradaky maglumat bilen paýlaşdylar, şunda jemgyýetçilik guramalarynyň uly orna eýedikleri nygtaldy.

Туркменские специалисты ознакомились с системой социальной защиты Финляндии

Bu ýurda amala aşyrylan saparyň çäklerinde türkmen hünärmenleri Finlýandiýada maýyplygy bolan adamlara saglyk hyzmatlarynyň üpjün ediliş tejribesi bilen tanyş boldular. Olar şeýle hem durmuş syýasatynyň ösüşiniň täze ugurlary barada maglumat aldylar.

Bu sapar Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMGÖM-nyň bilelikdäki “2021-2025 ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Türkmenistanyň milli hereket ediş meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, Finlýandiýanyň daşary işler ministrliginiň we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryndaky BMGÖM-nyň wekilhanalarynyň goldaw bermeginde gurnaldy.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT news
Surat: EduTravel.ru, Türkmenistandaky BMGÖM-ň Wekilhanasy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026
Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar

23:30 Oktýabr 15, 2026