HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: dizel ýangyjyna we portlandsementine isleg bildirildi

Dekabr 22, 2022 | 17:03 |6371
Sişenbe güni, 20-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $9,5 mln. dollarlyk 5 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 20-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $9,5 mln. dollarlyk 5 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 20-nji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $9,5 mln. dollarlyk 5 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewürler gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 9,9 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu önümiň her tonnasynyň bahasy $925,55 boldy.

Owganystandan gelen telekeçi PS 400-G20-K markaly portlandsementiň 9 müň 880 tonnasyny $355,6 müňe satyn almak üçin geleşik baglaşdy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Photo: redaksiýa arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026