HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazarýaka ýurtlary 2023-nji ýylda bekre balyklary täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygy uzaldarlar

Dekabr 21, 2022 | 09:39 |8468
Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.
Çeşme:

Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.

Komissiýanyň 6-njy mejlisine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýarlar. Gazagystan tarapy duşuşygyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Mejlisde suw bioserişdeleriniň senagat görnüşleriniň ätiýaçlyk gorunyň ýagdaýlaryna geçirilen ylmy-barlaglaryň netijelerine garaldy.

2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hakynda Ylalaşyga gol çekidi. Ony durmuşa geçirmek üçin Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýa döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026