Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň maliýe gurluş düzüminiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Ýurduň Daşary işler ministri Raşid Meredow 21-24-nji dekabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň başynda Tokio amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda çarşenbe güni birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Şeýlelik bilen, Ýapon Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Nobumitsu Haýaşi bilen geçirilen duşuşykda söwda- ykdysady gatnaşyklara we ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Olaryň arasynda Marydaky ammiak we karbamid öndürýän zawod, Türkmenabatdaky kükürt kislotasyny öndürýän seh, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bar – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem, Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gazhimiýa, ulag we oba hojalyk pudaklaryndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar barada konstruktiw pikir alyşmalar boldy.
Şol gün Meredow bilelikdäki ykdysady taslamalary maliýeleşdirmegiň ätiýaçlandyryşyny üpjün edýän Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) ýerine ýetiriji müdiri Asuo Kuroda bilen gepleşik geçirdi we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşyp, "Türkmenhimiýa" Döwlet korporasiýasynyň sargydy boýunça tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary söwda ösüş guramasynyň (JETRO) baş ýerine ýetiriji direktory Nobuhiko Sasaki bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalaryny türkmen bazarynda telekeçilik işine çekmek üçin JETRO ofisini açmagy we tersine, Ýaponiýada Türkmenistanyň Söwda öýüni açmagy we Türkmenistanda Ýaponiýanyň söwda işini guramak meselelerine garamagy teklip etdi.

Türkmen wekiliýetiniň Tokio saparynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň 14-nji mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, Raşid Meredow “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 9-njy iş ýygnagyna gatnaşar we hökümetiň, mejlisiň, Ýaponiýanyň pudak edaralarynyň we baýry kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirer.
ORIENT news
Surat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtyndan alyndy








