HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahaldaky taryhy ýadygärliklerde alnyp barylýan dikeldiş işleri tamamlanyp barýar

Dekabr 20, 2022 | 21:50 |8802
Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” gadymy toplumynyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň käbirlerini dikeltmek boýunça işler tamamlanyp barýar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine ýörite ylmy-dikeldiş işleriniň ussahanasynda habar berdiler.Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” gadymy toplumynyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň käbirlerini dikeltmek boýunça işler tamamlanyp barýar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine ýörite ylmy-dikeldiş işleriniň ussahanasynda habar berdiler.
Çeşme:

Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” gadymy toplumynyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň käbirlerini dikeltmek boýunça işler tamamlanyp barýar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine ýörite ylmy-dikeldiş işleriniň ussahanasynda habar berdiler.

Ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň ussahanasy ýakyn wagtda toplumdaky sardobanyň - gadymy suw-tehniki desgasynyň täze girelgeler bilen üstüniň ýetiriljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde bilermenler işleriň gidişiniň barşynda sardobanyň girelgesiniň ýokarky böleginde diwarlaryň ýykylmagynyň öňüni almak we olary berkitmek üçin çig kerpiçden edilen ýerleriň üstüniň açylandygyny, munuň bolsa sardobanyň gurluşynyň has giçki döwürlere degişlidigini subut edýändigini bellediler.

1947-nji ýylda geçirilen barlaglaryň netijesinde girelge ýarym ýykylan ýagdaýdady, şol sebäpli taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň we Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýanyň talaplary boýunça geçirilýän işleriň esasy wezipesi ýadygärligiň bir böleginde dikeldiş işlerini ýerine ýetirmek we ýeriň aşagyndaky bölegini konserwasiýa etmek boldy.

Ýykylan ýerleri arassalamagyň barşynda günorta we demirgazyk tarapdaky girelgeleriň baş diwaryna perpendikulýar ýerleşýän diwarlaryň ýykylman galan bölekleriniň üsti açyldy, bu bolsa alymlarda köp sanly soraglary döredýär, olaryň jogaplary ýakyn wagtda anyklanylar.

Bu işler toplumyň golaýynda ýerleşýän Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni merkezi diýlip yglan edilendigi sebäpli bu alnyp barylýan işleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

ORIENT habarlar
Surat: advantour.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026