HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Aral sebitiniň ýurtlarynyň serhetüsti suw hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Dekabr 21, 2022 | 19:08 |8578
Suw diplomatiýasynyň meseleleri we ondan peýdalanmagyň gurallary BMGÖM tarapyndan milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Aşgabatda geçirilen seminaryň esasy temalarynyň biri boldy – diýip, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.Suw diplomatiýasynyň meseleleri we ondan peýdalanmagyň gurallary BMGÖM tarapyndan milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Aşgabatda geçirilen seminaryň esasy temalarynyň biri boldy – diýip, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.
Çeşme:

Suw diplomatiýasynyň meseleleri we ondan peýdalanmagyň gurallary BMGÖM tarapyndan milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Aşgabatda geçirilen seminaryň esasy temalarynyň biri boldy – diýip, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar – dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we ylmy-önümçilik merkezleriň wekilleri Türkmenistanyň Aral deňziniň sebitine girýän ýurtlar bilen serhetüsti suw hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, howanyň üýtgemeginiň sebitiň suw serişdelerine ýetirýän täsirini, şeýle hem suw diplomatiýasynyň gender we ýaşlar jähtine degişli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

В Туркменистане обсудили трансграничное водное сотрудничество стран Приаралья

Öz çykyşynda BMGÖM-nyň ekologiýa ugry boýunça maksatnama bilermeni Farhad Orunow suw diplomatiýasynyň umumy suw serişdelerini netijeli we durnukly dolandyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny, ähli döwletleriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýändigini we sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny belläp geçdi.

Seminar «Aral deňziniň basseýnindäki ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatly ekoulgamy gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde gurnaldy, taslama Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM tarapyndan Bütindünýä Ekologiýa Gaznasynyň (GEF) maliýeleşdirmeginiň esasynda ýerine ýetirilýär.

Taslama ýerden we suw serişdelerinden peýdalanmagy dikeltmek we gowulandyrmak üçin ýeriň ulanylyşynyň bilelikdäki toplumlaýyn meýilleşdirilmegine maýa goýmak arkaly ýerleriň kem-kemden ýaramazlaşmagyny bitaraplaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

ORIENT habarlar
Surat Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026