Türkmenistanyň we BMG-niň durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygynyň ýyllyk netijeleri jemlendi


Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň binasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşde nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise daşary syýasat edaranyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Aşgabatdaky düzümleýin bölümleriniň baştutanlary gatnaşdylar.
Duşuşykda 2022-nji ýylda Çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişindäki esasy, şol sanda onuň maksatlaýyn toparlarynyň bäşisi: hukugyň ähli zatdan ileri tutulmagy, ykdysadyýet, ekologiýa, saglygy goraýyş we bilim boýunça netijelere garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Daşary işler ministri Raşid Meredow “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek babatda, azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrmak we mekdep okuwlaryna hem-de işgärleriň hünär taýýarlygyna, saglygy goraýşyň kuwwatyny berkitmäge ýykgyn etmek bilen, bilim ulgamlarynda özara hereketlere ünsi çekdi.
Şeýle hem ol Türkmenistanda, hususan-da, adam hukuklaryny goramak ulgamynda ýöriteleşdirilen ygtýarly instituty döretmekde hukuk goraýyş institutlaryň ösdürilmegini hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, ministr milli hyzmatdaşlary BMG-niň degişli agentlikleri bilen bilelikde kesgitlenilen ugurlar we 2023-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň “Ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça işleri tizleşdirmäge çagyrdy.
ORIENT news








