Gün ulgamynyň golaýynda ýaşaýyşyň ähtimallygy bolan iki sany planeta tapyldy


Kanar adalarynyň Astrofizika institutynyň (IAC) gözlegçileriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Gün ulgamynyň golaýynda ýaşaýyşyň ähtimallygy bolan Ýeriň göwrümine meňzeş iki planetany ýüze çykardylar. Bu barada Lenta.ru portaly «Astronomiýa & Astrofizika» žurnalyna salgylanyp habar berýär.
GJ 1002b we GJ 1002 planetalary Günüň göwrüminiň sekizden birine golaý gyzyl karligiň töwereginde aýlanýar. GJ 1002b we GJ 1002 ýagty ýyldyza ýeterlik derejede ýakyn ýerleşmegi, onda amatly atmosferanyň we durmuş üçin beýleki aýratynlyklaryň bardygyny görkezýär. Mundan başga-da, iki planetanyň hem ýeriň daşynda ýaşaýşy gözlemekde LIFE missiýasynyň maksatnamasyna girizilmegi üçin ähli zerur ölçeglerine laýyk gelýär.
Bu ulgam Gün ulgamyndan azyndan 16 ýagtylyk ýyl aralygynda ýerleşýär. GJ 1002b planetasynyň orbital aýlawyny tamamlamak üçin oňa bary-ýogy 10 günden köpräk, GJ 1002-ä bolsa 21 gün töweregi wagt gerek bolýar.
Gözegçilikler 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli maglumatlary ýazga alýan iki abzalyň – ESPRESSO we CARMENES ulanylmagy bilen geçirildi.
ORIENT news
Surat: The Universe Space Tech








