HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermegiň mehanizmi bir aýyň içinde işlener

Dekabr 16, 2022 | 01:31 |10256
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazyny ibermegiň mehanizmini bir aýyň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ankara bu meseläni ÝB bilen hem ara alyp gy göz öňünde tutýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazyny ibermegiň mehanizmini bir aýyň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ankara bu meseläni ÝB bilen hem ara alyp gy göz öňünde tutýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazyny ibermegiň mehanizmini bir aýyň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ankara bu meseläni ÝB bilen hem ara alyp gy göz öňünde tutýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Ozal Erdogan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazyny bermek prosesini ýola goýmaga çagyrdy.

“Biz bir karara geldik, onuň çäklerinde üç ýurduň - Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň energetika ministrleri birleşip, bu meseläniň jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Mem Energetika ministrimize: "Azerbaýjandaky kärdeşiňiz we Türkmenistandaky kärdeşiňiz bilen duşuşyp, bir aýyň içinde bu meseläni çözüň" diýip, tabşyryk berdim” – diýip, türk lideri aýtdy.

“Bu meseläni çözenlerinden soňra, biz duşuşyklarymyzy geçireris. 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti bize resmi sapar bilen geler diýip umyt edýärin. Şol ýerde bu meseläni gutarnykly çözeris diýip umyt edýäris. Şol bir wagtyň özünde, bu meseleleri Azerbaýjanyň prezidenti bilen hem ara alyp maslahatlaşarys. Biz bu ädimi çaltlyk bilen amala aşyrarys we prosesi ýeňilleşdireris diýip umyt edýäris. Şondan soň ÝB bilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarys" – diýip, uçarda Türkmenistandan gaýdyp barýan Erdogan habarçylara aýtdy.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026