Serdar Berdimuhamedow tebigy gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini kesgitledi


“Gaz bilen üpjün etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy we olaryň netijeli işlemegi köptaraplaýyn gyzyklanmalary göz öňünde tutýan anyk we takyk standartlara, şeýle-de ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr. Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyçlara hut şu nukdaýnazardan garalmalydyr - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ylham Alyýew bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtap geçdi.

Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe dünýä bazarlarynyň energiýa üpjünçiligi boýunça utgaşdyrylan we köpgörnüşli ulgamyň döredilmeginiň tarapdary” – diýdi. Şeýle hem, ol 2021-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça gol çekilen özara düşünişmek baradaky Memorandumyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmen lideri: "Bu Hazardaky ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze tapgyrydyr" - diýdi.
Rejep Taýyp Erdogan üç ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň geljegine aýratyn üns berdi we koronawirus epidemiýasynyň we sebitdäki durnuksyzlygyň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny, esasanam Ýewropa üçin ýene-de dünýäniň gün tertibiniň başynda goýýandygyna ünsi çekdi.
Bu ugurda ädilen ädimleriň arasynda Erdogan Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisini we Anadoly Trans-gaz geçirijisiniň esasyny düzýän we Hazar gazynyň Ýewropa daşalýan Günorta gaz geçelgesini kesgitledi.
“Häzir biz edil şular ýaly ýagdaýda türkmen tebigy gazyny günbatar bazarlaryna daşamak boýunça işe başlamaly. Hazar deňzi arkaly türkmen we azerbaýjan doganlarymyz bilen dostluga esaslanýan hyzmatdaşlyga taýýardyrys" – diýip, türk lideri aýtdy.

Mundan başga-da, ol Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä elektrik toguny geçirmek taslamasynyň üstünde işlemäge taýýardygyny mälim etdi.
Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammiti 14-nji dekabrda Hazaryň Türkmen kenarynda – Awazada geçirildi. Türkmen lideri bu çäräni üç ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan möhüm waka diýip atlandyrdy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň lideri şu ýylyň on aýynda Azerbaýjan bilen söwda dolanyşygynyň bäş esse ýokarlandygyny aýtdy. Soňra Alyýew: "Bu ozal ýetilmedik sepgit" - diýdi. Iki ýurtda Türkiýe bilen özara söwdanyň göwrümi hem durnukly ösýär.
ORIENT news








