HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow dört aýakly dosty alabaýyň suratyny görkezdi

Dekabr 18, 2022 | 04:55 |6646
Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow dört aýakly dosty - türkmen alabaýynyň suratyny görkezdi. Degişli neşir onuň Telegram kanalynda peýda boldy.Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow dört aýakly dosty - türkmen alabaýynyň suratyny görkezdi. Degişli neşir onuň Telegram kanalynda peýda boldy.
Çeşme:

Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow dört aýakly dosty - türkmen alabaýynyň suratyny görkezdi. Degişli neşir onuň Telegram kanalynda peýda boldy.

Sebitiň lideri: "Köpden bäri Akdusyň suratyny paýlaşmandym" – diýip ýazypdyr. Minnihanow gündelik işleriniň köp bolmagy sebäpli, itini seýrek gezdirmeli bolýandygyny boýun alýar.

Suratyň aşagynda berlen teswirlerde Tatarstanyň ýaşaýjylary alabaýyň diýseň owadan itdigini belleýärler. Käbir ulanyjylar bolsa eýesiniň işlidigine düşünýändigi Akdusyň garaýşynda görünýär, şonuň üçin ol biraz keýpsiz ýaly diýip, ýazýarlar.

Türkmen alabaýynyň akja güjüjegi 2021-nji ýylyň maý aýynda Minnihanowa şol wagt Türkmenistanyň Prezidenti, häzir Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sowgat beripdi.

Tatarstanyň baştutany täze dostuna Akdus diýip at berdi, tatar dilinden terjime edilende ol "ak dost" diýmegi aňladýar.

ORIENT news

Photo: Rustam Minnikhanov's Telegram channel

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TRASEKA we BMG-niň ÝYK Bakuda Hazarüsti geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça seminaryň netijelerini jemlediler

TRASEKA we BMG-niň ÝYK Bakuda Hazarüsti geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça seminaryň netijelerini jemlediler

00:45 Sentýabr 10, 2026
e.gov.tm arkaly «Aşgabat» stadionynyň sport meýdançalaryny nädip bron etmeli

e.gov.tm arkaly «Aşgabat» stadionynyň sport meýdançalaryny nädip bron etmeli

22:45 Sentýabr 09, 2026
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça olimpiada yglan edildi

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa boýunça olimpiada yglan edildi

19:14 Sentýabr 09, 2026