Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Döwrebaplaşdyrylan “Astrahan” ýük terminaly 2024-nji ýylda “gury” porta öwrülip biler

Dekabr 15, 2022 | 03:57 |6558
“Munuň üçin ol ýerde ähli zerur aragatnaşyklar bar - demir ýollar we awtoulag ýollaryna çykalgalar gurnalan. Obýekt portuň ýörite ykdysady zolagynyň ösüşiniň çäklerinde “gury” porta öwrülip biler” – diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin öz Telegram kanalynda ýazýar.“Munuň üçin ol ýerde ähli zerur aragatnaşyklar bar - demir ýollar we awtoulag ýollaryna çykalgalar gurnalan. Obýekt portuň ýörite ykdysady zolagynyň ösüşiniň çäklerinde “gury” porta öwrülip biler” – diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin öz Telegram kanalynda ýazýar.
Çeşme:

“Munuň üçin ol ýerde ähli zerur aragatnaşyklar bar - demir ýollar we awtoulag ýollaryna çykalgalar gurnalan. Obýekt portuň ýörite ykdysady zolagynyň ösüşiniň çäklerinde “gury” porta öwrülip biler” – diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin öz Telegram kanalynda ýazýar.

Ýylyň başyndan bäri Priwolžýe demir ýolunyň Kutum bekedinde ýerleşýän “Astrahan” ýük terminaly Azerbaýjandan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 25 000 tonnadan gowrak miwe we gök önüm kabul edip aldy. Diňe noýabr aýynda bu ýurtlardan getirilen miwe we gök önümleriň 3000 tonnadan gowragy oblastyň çägine girdi. Astrahanyň ýaşaýjylaryna täze pomidor, salat, hurma, üzüm, şeýle hem kakadylan miwe we däneli ekin önümleri, şol sanda kişmiş, hurma we tüwi ýaly önümler gelip gowuşdy. Her gün bu ýerde harytlar bilen ýüklenen wagonlaryň we ýük awtoulaglarynyň 15–20-sinden ýük düşürilýär.

Terminaly döwrebaplaşdyrmak taslamasy konteýnerleriň we uly agram göteriji platformalaryň durkuny täzelemegi, göteriş mehanizmlerini döwrebaplaşdyrmagy we işgärleriň netijeli işlemegi üçin şertleri döretmegi öz içine alýar. Durkuny täzelemek işleri “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder we bu ugruň mundan beýläk-de ösdürilmegini işjeňleşdirer. Häzirki wagtda hünärmenler tarapyndan işlenip düzülýän Astrahan ýük terminalynyň çäginde döredilmeli geljekki logistika merkezi hem muňa goşant goşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026