Aşgabatda Katar Döwletiniň Milli gününiň bellenilişi


Her ýyl 18-nji dekabrda Katarda ählihalk tarapyndan ýurduň Milli güni bellenilýär. Bu sene halkyň agzybirliginiň we jebisliginiň güni hasaplanylýar.
Nämä üçin 18-nji dekabr?
Hut şol gün 144 ýyl mundan ozal, şeýh Jasim bin Muhammad Al Tani daglyk taýpalary birleşdirip, Arap ýarymadasyndaky bu kiçijek ýurduň döwletliliginiň esaslaryny goýmagy başardy, ýüzlerçe ýyllardan soň bu ýurt dünýäniň iň baý döwleti diýlip atlandyrylýar.
Köpsanly bolmadyk, ýöne başy buýsançly we erkinligi söýýän halk ýaşaýan bu ýurda eýe bolmak ugrunda köp imperiýalar söweş edipdi.

Kataryň çäklerinde “gara altynyň” baý känleri ýüze çykarylandan bäri bir asyr geçdi.
Emma, şol känleri diňe onýyllyklar geçenden soňra, özleşdirip hem-de işjeň ulanyp başladylar.
Şol döwürde hem köpçülikleýin nägilelik bildirmeleriň netijesinde, arap halkynyň azat ediş fronty guraldy.

Azat ediş hereketiniň netijesinde, Katar 1971-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolup, Britaniýa bilen dostluk hakynda şertnama baglaşdy.
Häzirki wagta Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani bolup, ol Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän ýurtlaryň arasynda iň ýaş hökümdardyr.

Ine-de, şenbe güni, 17-nji dekabrda Kataryň Türkmenistanda işleýän ilçihanasy bu ýurduň milli güni mynasybetli resmi kabul edişlik gurady.
Kataryň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad AL-AZBA özüniň gutlag sözünde Kataryň her bir raýaty üçin Milli günüň halkyň agzybirligini we jebisligini görkezýän esasy gowy görülýän waka bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Batyr Atdaýew bolsa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan we tabşyrmagy boýunça dostlukly ýurduň halkyny milli güni bilen gutlap, soňky ýyllarda iki doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösýändigini belledi.
Baýramçylykda meşhur dirižýor Resul Klyçewiň ýolbaşçylygynda sazandalar ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler, olaryň repertuarynda iki doganlyk halkyň kompozitorlarynyň belli eserleri boldy.

18-nji dekabrda – Katar Döwletiniň milli gününde – Dohada “Lusail” stadionynda futbol boýunça jemleýji oýun geçirildi – dünýä çempiony derejesine eýe bolmak ugrundaky dartgynly oýunda Argentinanyň we Fransiýanyň ýygyndy toparlary duşuşdylar.
Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň sportyň ösdürilmegine uly üns berýändigini bellemän geçmek bolmaz. Futbol çempionaty-2022-den başga-da, 2015-nji ýylda Dohada boks boýunça dünýä birinjiligini almak ugunda ýaryş, şondan bäş ýyl öň bolsa ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçirilipdi.
Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunçýa ýakynda Katarda sapar bilen bolan Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ol ýerde ýokary derejede gepleşikleri geçirip, şeýle hem futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany boldy.
Elbetde, Katarda futbol boýunça milli çempionatlaryň diňe 1963-nji ýyldan bäri geçirilip başlalandygyna garamazdan, bu ýurtda gaýyş pökgi oýnuny halaýarlar.
Ine-de, katarlylaryň dünýä bagş eden futbol baýramçylygy tutuş ýurt döwlet baýramçylygyny bellän ýekşenbe gününde tamamlandy hem-de dünýä ýer ýüzüniň iň güýçli ýygyndy toparynyň adyny bildi. Ol Argentinanyň milli ýygyndy topary boldy.
Bekdurdy AMANSARYEV








