HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: 4 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy eksport edildi

Dekabr 17, 2022 | 19:24 |4812
Penşenbe güni, 15-ji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $4,3 mln dollara we 37,8 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 15-ji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $4,3 mln dollara we 37,8 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 15-ji dekabrda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy jemi $4,3 mln dollara we 37,8 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür söwdalaryň barşynda jemi $4,2 mln amerikan dollary bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 4,4 müň tonnasyny satyn aldy. Nebit önüminiň her tonnasynyň bahasy $974,75 barabar boldy.

Gyrgyzystandan gelen telekeçi tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň 11,5 müň kilogramyny $63,2 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

Manat serişdelerine Türkiýeden gelen işewürler nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 176 müň kilogramyny 7,8 mln türkmen manadyna satyn aldylar.

Içerki bazarda BND 60/90 kysymly nebitden öndürilen ýol bitumy uly islege eýe boldy. Ýerli telekeçiler bu önümiň jemi 15 müň tonnasyny 30 mln manada satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwybarada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026