HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dekabrda Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdada jemi 43 sany desga satuwa çykarylar

Dekabr 16, 2022 | 18:12 |7868
28-nji dekabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda jemi 43 lot bolar. Bu baradaky bildiriş çarşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.28-nji dekabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda jemi 43 lot bolar. Bu baradaky bildiriş çarşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Çeşme:

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler, onda jemi 43 lot bolar. Bu baradaky bildiriş çarşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Maýa goýup biljek telekeçiler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtobomil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, şeýle hem Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň desgalaryny satyn alyp bilerler.

Bäsleşikli söwdadaky iň gymmat lot «Lebapdaşarysöwda» hojalyk hasaplaşygyndaky daşary ykdysady birleşigiň «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezi bolar. Onuň başlangyç bahasy 51,9 million manat.

Bäsleşikli söwdadaky iň pes başlangyç baha Lebap welaýatynyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşginiň «Hojambaz» alyjylar jemgyýetiniň limon ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasy bolup, ony muňa maýa goýup biljek telekeçi 71,6 müň manada satyn alyp biler.

Ähli lotlar görkezilen PDF formatdaky görkezgiji şu salgy boýunça ýükläp alyp bolýar (https://drive.google.com/file/d/1- z1lxh3i1pSsLlpLcUWtdBTov9yWm9i2/view?usp=sharing)*.

Söwdalaşma bellenen görnüşde arza beren, bahanyň ujundan belli bir mukdarda pul geçiren we bellenen möhlete ýörite ýygym tölän Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary, şol sanda döwlete degişli bolmadyk ýuridiki şahslar gatnaşyp bilýärler. Arzalary Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kabul edýär.

Lotlar baradaky goşmaça maglumaty Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminden ýa-da aşakdaky telefonlar arkaly alyp bolýar:

Aşgabat şäherinde: (+ 99312) 92-26-11/39-46-69/63/69
Änew ş.: (+993 137) 33-0-21/33-1-80
Balkanabat ş.: (+993 222) 7-89-34/7-89-17/7-89-53
Daşoguz ş.: (+993 322) 9-10-19/9-15-10
Türkmenabat ş.: (+993 422) 6-11-52/6-11-59
Mary ş.: (+993 522) 6-06-87/6-05-41

ORIENT habarlar
Surat: redaksiýanyň arhiwi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026