HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Awazada ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Dekabr 15, 2022 | 15:14 |10517
Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Awazada ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildiTürkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Awazada ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi
Çeşme:

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Awazada ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji üçtaraplaýyn sammitiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrlikleriniň, Energiýa we ulag ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Gepleşiklere gatnaşyjylar bu barada jemgyýetçilik ulgamlarynda habar berýärler.

«Ýakynda geçiriljek sammitde sebitiň energiýa, ykdysadyýet, aragatnaşyk, söwda, gümrük we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga has-da itergi berjek täsirli ädimlere gadam basylar» — diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly üç ýurduň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda belledi

Soňra bolsa Awazada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň baştutany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ulag, energetika we harby-senagat toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

«Biz, ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzy ösdürýäris we gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýarys» — diýip, Türkiýäniň Ulagwe infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktoryMämmethan Çakyýew we Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew bilen geçirilen duşuşygyndan soň özüniň Twitter hasabynda ýazdy

ORIENT news
Surat: twitter.com / @AzerbaijanMFA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026