HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýa azerbaýjan energiýasyny sarp edijileriň hataryna goşular

Dekabr 16, 2022 | 14:29 |4553
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 17-nji dekabrda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny sarp edijileriň ulgamyna goşulmak hakyndaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär – diýip, About Hungary habar berýär.Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 17-nji dekabrda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny sarp edijileriň ulgamyna goşulmak hakyndaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär – diýip, About Hungary habar berýär.
Çeşme:

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban 17-nji dekabrda Rumyniýanyň Buharest şäherinde Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny sarp edijileriň ulgamyna goşulmak hakyndaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär – diýip, About Hungary habar berýär.

Elektrik energiýasy bilen üpjün etmek Gruziýanyň we Rumyniýanyň çäkleri arkaly amala aşyrylar, olaryň özi hem elektrik energiýasyndan peýdalanmak hem-de onuň üstüni doldurmak üçin şol ulgamdan peýdalanyp bilerler. Elektrik energiýa geçirijisi Gara deňziň düýbünden çekiler.

Wengriýanyň daşary işler we söwda ministri Peter Siýýartonyň mälim etmegine görä, Wengriýa bu taslama energiýa çökgünçiliginiň dowam edýän döwründe goşular we şol bir wagtyň özünde Ýewropa Birleşigi tarapyndan zerur bolan maliýe serişdelerini alar.

Azerbaýjandan Ýewropa tarap täze energiýa geçirijisiniň çekilmegi ýewropa bazaryny energiýa gorlary bilen üpjün edilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky meýilnamalaryna gabat gelýär, şeýle hem alternatiw üpjün edijiler üçin köp şahaly azerbaýjan infrastrukturasyna birikmek üçin mümkinçilikleriň goşmaça penjiresini açýar, olaryň biriniň Türkmenistan bolmagy has ähtimaldyr.

Wengriýa türk dünýäsi bilen ýakyn aragatnaşykdadyr – Türkmenistan bilen bir hatarda bu ýurt Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolup durýar.

ORIENT news
Surat: yandex

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026