Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyňXV maslahatyna gatnaşýar


Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV maslahatyna gatnaşýar.
Bu ýyl Forum «Ynsanperwer hyzmatdaşlyk — 30 ýyllyk tejribe we ösüşiň geljegi» atly mowzuk boýunça geçirilýär. Umumy mejlisden başga-da, GDA ýurtlarynyň ylym-bilim bileleşigi we edebiýat we Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» döwletara baýragyny we «Arkalaşygyň ýyldyzlary» halkara baýragyny gowşurmak dabaralary, şeýle hem IFGS-iň iň uly taslamalarynyň biri bolan — GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti geçirilýär.
Daşkent şäherinde geçirilen konsertde Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň tanymal sazandalary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy, dirižýor Rasul Gylyjow dagylar hem sahnada orun aldylar.
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, bu maslahatyň Arkalaşyga agzaýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy we medeniýetleriniň arasyndaky gepleşikleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
GDA-nyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň forumlary 2006-njy ýyldan bäri Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarynda gezekli gezegine geçirilýär we bu ylym, bilim, medeniýet, maglumat, syýahatçylyk, sport, ýaşlar bilen işlemek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite meýdança bolup hyzmat edýär.
ORIENT news
Surat: tass.ru








