Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe 5 ylalaşyga gol çekdiler


“Awaza” kongresler merkezinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada üç ýurduň arasynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulag ulgamlarynda ylalaşyklara gol çekildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga söwda ministri, Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdiler.

Ylym, bilim we medeiýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň çarçuwaly maksatnamasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow, Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow gollaryny goýdular.

Türkmeniatanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow tarapyndan Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek barada özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Azerbaýjanyň energetika ministri Perwiz Şahbazow gol çekdiler.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähtnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu, Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Reşat Nebiýew gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasynda sammitiň bilelikdäki beýannamasy hem kabul edildi.
ORIENT news








