HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe 5 ylalaşyga gol çekdiler

Dekabr 15, 2022 | 02:12 |13398
“Awaza” kongresler merkezinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada üç ýurduň arasynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulag ulgamlarynda ylalaşyklara gol çekildi.“Awaza” kongresler merkezinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada üç ýurduň arasynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulag ulgamlarynda ylalaşyklara gol çekildi.
Çeşme:

“Awaza” kongresler merkezinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada üç ýurduň arasynda söwda, ylym, bilim, medeniýet, gümrük, energetika we ulag ulgamlarynda ylalaşyklara gol çekildi.

1.jpg

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga söwda ministri, Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdiler.

2.jpg

Ylym, bilim we medeiýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň çarçuwaly maksatnamasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow, Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglu we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow gollaryny goýdular.

3.jpg

Türkmeniatanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow tarapyndan Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki geňeş toparyny döretmek barada özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

4.jpg

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Azerbaýjanyň energetika ministri Perwiz Şahbazow gol çekdiler.

5.jpg

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähtnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu, Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Reşat Nebiýew gol çekdiler.

6.jpg

Gol çekmek dabarasynda sammitiň bilelikdäki beýannamasy hem kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026