HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Özbegistany gyşda 1,5 milliard kub metre çenli gaz bilen üpjün eder

Dekabr 14, 2022 | 05:55 |7690
– Özbegistana gyş möwsüminde ýurduň içerki zerurlyklaryny  üpjün etmek üçin Türkmenistandan 1,5 milliard kub metr tebigy gaz goýberiler  – diýip, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Ýangyç we energetika toplumynyň wekili sişenbe güni RIA Nowosti habarlar gullugyna habar berdi.– Özbegistana gyş möwsüminde ýurduň içerki zerurlyklaryny  üpjün etmek üçin Türkmenistandan 1,5 milliard kub metr tebigy gaz goýberiler  – diýip, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Ýangyç we energetika toplumynyň wekili sişenbe güni RIA Nowosti habarlar gullugyna habar berdi.
Çeşme:

– Özbegistana gyş möwsüminde ýurduň içerki zerurlyklaryny üpjün etmek üçin Türkmenistandan 1,5 milliard kub metr tebigy gaz goýberiler – diýip, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Ýangyç we energetika toplumynyň wekili sişenbe güni RIA Nowosti habarlar gullugyna habar berdi.

Geçen hepde Özbegistanyň hökümet ýolbaşçylary ýurtda howanyň sowap başlamagy bilen energiýa çeşmeleriniň ýetmezçiligi sebäpli gazyň, elektrik energiýasynyň, kömrüň we mazudyň importyny işjeňleşdirmek kararyna geldiler. "Uztransgaz" Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Behzot Narmatow içerki sarp edişiň ýokarlanmagy sebäpli, Özbegistanyň gaz eksportyny bütinleý togtadanlygyny aýtdy.

"Türkmenistan gyşda Özbegistana 1,5 milliard kub metre çenli gaz iberer" – diýip agenligiň söhbetdeşi mälim etdi.

Ol gaz üpjünçiligi baradaky ylalaşyklaryň ýakynda, has takygy Özbegistanyň prezident administrasiýasynyň başlygy Sardor Umurzakow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylandygyny aýtdy.

Departamentiň wekili: "Bu üpjünçilik Özbegistanda gyş paslynda gaza bolan barha artýan islegi kagatlandyrmaga kömek eder" – diýip, sözüniň üstüni ýetridi.

Özbegistanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy ozal içerki sarp edişiň ösmegi sebäpli respublikanyň Türkmenistandan alýan elektrik energiýasynyň möçberini bir gije-gündizde 17-18 million kWt-dan 20-21 million kWt çenli artdyrandygyny habar beripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026