HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Datly özbek palawy ýaly: Daşkentde GDA ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti boldy

Dekabr 14, 2022 | 07:07 |11399
GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti Daşkentde geçirilýän Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynyň ilkinji gününiň soňky akkordy boldy.GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti Daşkentde geçirilýän Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynyň ilkinji gününiň soňky akkordy boldy.
Çeşme:

GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konserti Daşkentde geçirilýän Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynyň ilkinji gününiň soňky akkordy boldy. Gala konserti Özbegistanyň Alişer Nawoýynyň adyny göterýän Döwlet akademiki uly teatrynda geçirildi.

GDA ýaşlar simfoniki orkestriniň konsert programmasyny myhmanlar we metbugat wekilleri iň süýji özbek palawy bilen deňeşdirdiler. Bu gün Arkalaşygyň ýurtlarynyň kompozitorlarynyň - Dmitriý Şostakowiçiň, Gara Garaýewiň, Aram Haçaturýanyň, Ýewgeniý Doganyň, Nury Halmämmedowyň, Pýotr Çaýkowskiniň we beýleki beýik awtorlaryň eserleri ýaňlandy.

Your browser does not support HTML5 video.

Dirijoryň pultunyň başynda Russiýanyň halk artisti Sergeý Skripka we ýaş dirijorlar Özbegistandan Alibek Kabdurahmanow, Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Rasul Gylyjow we Azerbaýjandan Murtaza Bil-Bil durdular. Ýeri gelende aýtsak, bu dirižýoryň öz kakasy, meşhur aýdymçy Polat Bil-Bil ogly aýdym aýdanda hem orkestre ýolbaşçylyk edendigini aýtmalydyrys. Onuň sözlerine görä, kakasy könäni ýatlamak maksady bilen, öz meşhur aýdymlarynyň birnäçesini ýerine ýetirmegi müwessa bilipdir.

Sowet estradasynyň we Azerbaýjanyň parlak ýyldyzynyň aýdymlaryny diňleýjiler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyp, aýdymlaryna bilelikde hiňlendiler. Bil-Bil ogly “Şeýk” atly aýdymyny zala düşüp ýerine ýetirdi we Daşkent forumyna gatnaşýan öz döwründe dünýäniň on gezek çempiony, üç gezek Olimpiýa çempiony bolan Irina Rodnina bilen tans etdi.

Konsertden soň dirijor Rasul Gylyjow Orient-iň habarçysy bilen söhbetdeş boldy: ― Kabul edişlikde foruma we konserte gatnaşyjylar, şol sanda Azerbaýjanyň Russiýadaky ilçisi Polat Bil-Bil ogly we Moskwanyň mýuzikl teatrynyň çeper ýolbaşçysy, RF-nyň ozalky Medeniýet ministri Mihail Ýefimowiç Şwydkoý meniň ýanyma geldiler. Olaryň hemmesi maňa köp mähirli sözler aýtdylar.

Men belarus, gyrgyz we öz türkmen sazymyza, şeýle-de Çaýkowskiniň eserine dirižýorlyk etdim. Bu meniň ýyldyzymyň dogan pursaty boldy. Konsert programmasy şeýle bir owadan mukamlardan düzülendi, Pýotr Ilýiçiň “Pa De De” kompozisiýasy aýratyn mähir diňleýjileriň kalbyna ýetdi we hemmeler, esasanam maestro Sergeý Iwanowiç Skripka oňa ýokary baha berdiler. Taýýarlyklar we aragatnaşyk hemmämizi ýakynlaşdyrdy, biz uly bir dirižýorlar maşgalasyna öwrüldik diýsegem boljak.

Köp tanymal sazandalaryň we döredijilik işgärleriniň türkmen döwlet orkestriniň muşdaklarydygyny we biziň sungat işgärleri hökmünde türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerimizden hoşaldyklaryny eşitmek biziň hemmämiz üçin diýseň ýakymly boldy. Men Daşkentde Türkmenistanyň çäklerinden has uzakdaky adamlaryň hem biziň döredijiligimiz bilen gyzyklanýandyklaryna göz ýetirdim. Saz ussatlarynyň, sungat muşdaklarynyň "Siz, tüweleme, asylly iş edýärsiňiz!" diýen ruhlandyryjy sözleri, belki-de iň ýokary öwginiň derejesidir - diýip, Rasul Gylyjow aýdýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026