Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuwy hakynda düşündirişli wideoýazgylary çykardy


Ýakynda, 2022-nji ýylda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň maglumat berişwe wagyz-nesihat kampaniýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti birnäçe düşündiriş beriji wideo ýazgylary çykardy.
Haýran galdyryjy gysga animasiýa şekilleri we wideo ýazgylary ilat ýazuwynyň öňdebaryjy monitoring barlagy hökmündäki ähmiýeti barada gürrüň berýär, onuň maksatlary we wezipeleri, ony geçirmegiň tertibi bilen tanyşdyrýar.

Şeýle hem materiallar ýaşaýjylary 17-nji dekabrdan 27-nji dekabr aralygynda «Jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» şygary bilen geçiriljek ilat ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Wideo ýazgyny Statistika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda görüp bilersiňiz.
Ozal 2021-nji ýylda 2022-nji ýylyň ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy bilen baglanyşykly dürli guramaçylyk we usulyýet meselelerini barlamak üçin Türkmenistanda synag ýazuwy üstünlikli geçirilipdi.
ORIENT news
Surat:redaksiýanyň arhiwinden, stat.gov.tm








