HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stokgolmda Nobel baýraklaryny gowşuryş dabarasy geçirildi

Dekabr 14, 2022 | 14:36 |5181
Edebiýat, fizika, himiýa, fiziologiýa we lukmançylyk, şeýle-de ykdysadyýet boýunça 2022-nji ýyl üçin Nobel baýraklarynyň gowşuryş dabarasy Stokgolmda geçirildi. Dabara, adatça her ýyl 10-njy dekabrda, baýraklary esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçirilýär.Edebiýat, fizika, himiýa, fiziologiýa we lukmançylyk, şeýle-de ykdysadyýet boýunça 2022-nji ýyl üçin Nobel baýraklarynyň gowşuryş dabarasy Stokgolmda geçirildi. Dabara, adatça her ýyl 10-njy dekabrda, baýraklary esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçirilýär.
Çeşme:

Edebiýat, fizika, himiýa, fiziologiýa we lukmançylyk, şeýle-de ykdysadyýet boýunça 2022-nji ýyl üçin Nobel baýraklarynyň gowşuryş dabarasy Stokgolmda geçirildi. Dabara, adatça her ýyl 10-njy dekabrda, baýraklary esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçirilýär.

Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça 2022-nji ýyl üçin baýraga "banklar we maliýe krizisleri" üçin ABŞ-nyň Federal rezerw ulgamynyň öňki başlygy Ben Bernanke we amerikaly alymlar Duglas Diamond bilen Filip Dybwig mynasyp boldy.

Fransuz ýazyjysy Anni Erno edebiýat boýunça Nobel baýragyny aldy. Ol bu baýragy "şahsy ýadyň gelip çykyşyny, daşlaşmagyny we toparlaýyn çäklerini açyp görkezýän batyrgaýlyk we hirurgiki takyklyk" üçin aldy.

Fizika boýunça Nobel baýragy fransiýaly Alen Aspe, amerikaly Jon Klausere we awstriýaly Anton Saýlingere kwant mehanikasy pudagyndaky gözlegler, hususan-da, fotonlar bilen geçirilen synaglar, Belliň deňsizliginiň bozulmagyny kesgitlemek we kwant maglumatlary barada ylmyň döredilmeginde birinjilik üçin berildi.

Şwesiýaly alym Swante Paabo adam ewolýusiýasynyň genetiki esaslaryny öwrenenligi üçin lukmançylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Himiýa boýunça Nobel baýragy amerikan alymlary Karolin Bertossi we Barri Şarpless, şeýle hem himiki birleşmeleriň çalt sintezi usuly üçin daniýaly Morten Meldala berildi.

Nobel gaznasy şu ýyl Şwesiýanyň paýtagtynda köpsanly baýrak alanlaryň ýygnanandygyny habar berdi. Stokgolma azyndan 27 nobelçi, şol sanda 2020 we 2021-nji ýyllarda sylaglananlar hem geldi. Öňki iki ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli, Nobel baýragynyň eýeleri dabaralara gatnaşmadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026