HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdoganyň Türkmenistana sapry 13-nji dekabrda başlanýar.

Dekabr 13, 2022 | 05:48 |6426
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň sammitine gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanda bolar. Bu baradaky habar duşenbe güni agşam türk lideriniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň sammitine gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanda bolar. Bu baradaky habar duşenbe güni agşam türk lideriniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Çeşme:

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň sammitine gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda Türkmenistanda bolar. Bu baradaky habar duşenbe güni agşam türk lideriniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

“Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň hem-de Türkiýäniň prezidentiniň gatnaşmagynda çarşenbe güni 14-nji dekabrda Awazada geçiriljek Sammitde üç dost-doganlyk ýurduň hyzmatdaşlygy, hususan-da, söwdada, energetikada we ulag ulgamynda has-da giňeltmek üçin görülmeli zurur çäreler ara alnyp maslahatlaşylar” diýlip, metbugat üçin habarda aýdylýar.

“Sammit mynasybetli dürli ylalaşyklara gol çekiler, şol resminamalar ýokarda agzalan ulgamlarda hyzmataşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrar” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle hem sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler diýip, türk prezidentiniň metbugat gullygy beýanatynyň üstüni ýetirdi.

Ozal Ärdogan Awazada geçiriljek sammitda öz ýurdunyň çäklerinde gaz paýlaýjy iri merkezi döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýändigini aýdypdy.

Ýakynda 11-nji dekabrda RF-niň prezidenti Wladimir Putiniň Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar beýleki meseleleriň hatarynda bilelikdäki energetika taslamalaryna, ilkinji nobatda, gaz pudagyndaky taslamalara aýratyn ähmiýet berdiler.

“Stambulda “Gazprom” AGPJ-niň müdirýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen ýakynda bolan gepleşikleriň netijeleri nazara alnyp, Türkiýäniň çäklerinde sebitleýin gaz paýlaýjy merkezi döretmek boýunça pikir alyşmalar dowam etdirildi” diýlip, Kremlin.ru saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem 12-nji dekabrda Putin telefon boýunça Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewe jaň etdi. Bu baradaky meňzeş habarlar iki döwletiň baştutanlarynyň saýtlarynda bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026