HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Barsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýar

Dekabr 13, 2022 | 11:23 |10591
Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak oýunça Konwensiýa (Bonn konwensiýasy) we Germaniýanyň Tebigaty goramak boýunça federal agentligi Merkezi Aziýa süýdemdirijileri boýunça başlangyjyň çäklerinde pars gaplaňyny gorap saklamagyň sebitleýin strategiýasyny kabul etmek üçin onuň çäginde ýaşaýan döwletleriniň wekilleri bilen duşuşygy guramagy meýilleşdirýär.Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak oýunça Konwensiýa (Bonn konwensiýasy) we Germaniýanyň Tebigaty goramak boýunça federal agentligi Merkezi Aziýa süýdemdirijileri boýunça başlangyjyň çäklerinde pars gaplaňyny gorap saklamagyň sebitleýin strategiýasyny kabul etmek üçin onuň çäginde ýaşaýan döwletleriniň wekilleri bilen duşuşygy guramagy meýilleşdirýär.
Çeşme:

Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak oýunça Konwensiýa (Bonn konwensiýasy) we Germaniýanyň Tebigaty goramak boýunça federal agentligi Merkezi Aziýa süýdemdirijileri boýunça başlangyjyň çäklerinde pars gaplaňyny gorap saklamagyň sebitleýin strategiýasyny kabul etmek üçin onuň çäginde ýaşaýan döwletleriniň wekilleri bilen duşuşygy guramagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda pars gaplaňynyň ýaşaýan ýerlerine Eýran, Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Owganystan, Päkistan we Yrak girýär. Ozal bu sanawa Täjigistan bilen Özbegistan hem degişlidi, ýöne ýabany pişikler maşgalasynyň bu görnüşiniň wekilleri indi ol ýurtlarda duş gelmeýär. Bu gaplaňlaryň köpüsi Eýranda we Türkmenistanda ýaşaýar.

Pars gaplaňy ýitip ýok bolmak howpy abanýan görnüş hökmünde Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň Gyzyl sanawyna girizilendir; sany takmynan, 871-den 1290-a çenli bolup, kemelýän hasap edilýär.

ISNA şenbe güni “Eýranyň daşky gurşaw bölümi howp astyna düşen pars gaplaňlarynyň ýitirilen ýaşaýyş ýerlerini dikeltmegi meýilleşdirýändigini” aýtdy. Munuň üçin bu owadan ýabany pişikleriň bar bolan we henizem duş gelýän ýerlerinde adamlaryň aşa köp aw etmekleri sebäpli azalan biodürlüligi dikeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, gaplaň mallara hüjüm etse, onuň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak göz öňünde tutulýar.

Departamentiň maglumatyna görä, 2005-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Eýranda 156 gaplaň öldürildi (ýylda 20 töweregi gaplaň). Geçirilen gözlegler häzirki wagtda ýurtda gaplaňlaryň sanynyň 500-den azdygyny görkezýär.

Pars gaplaňlaryna, esasan, brakonýerlik, adam gatyşmagy sebäpli iýmit gorlarynyň azalmagy, tokaýlaryň çapylmagy, ýangyn, oba hojalygynyň we öri meýdanlarynyň giňelmegi, infrastrukturanyň ösmegi sebäpli ýaşaýan ýerleriniň ýok edilmegi sebäbli ýitmek howpy abanýar. Goralýan çäkleriň daşynda gaplaňlaryň diri galmak ähtimallygy juda pes.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026