HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda jemgyýetçilik guramalaryň Forumy geçirildi

Dekabr 13, 2022 | 10:15 |5830
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumy raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň we döwlet häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşyk etmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hem-de paýtagtyň häkimliginiň bilermenleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumy raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň we döwlet häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşyk etmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hem-de paýtagtyň häkimliginiň bilermenleri gatnaşdylar.
Çeşme:

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumy raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň we döwlet häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşyk etmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hem-de paýtagtyň häkimliginiň bilermenleri gatnaşdylar.

Duşuşyk anna güni Aşgabatda geçirildi. Forumda ekologiýa, aýal-gyzlaryň, çagalary we ýetginjekleriň bähbitlerini öňe ilerletmek, telekeçilik işlerini ösdürmek, durmuş we konsalting hyzmatlaryny hödürlemek ulgamlarynda we birnäçe beýleki möhüm ugurlarda işleýän jemgyýetçilik guramalry tejribelerini hem-de işläp taýýarlamalaryny paýlaşdylar.

Maslahat gatnaşyjylar intellektual, işgärler we maglumat ulgamlarynda toplan tejribelerini ulanyşlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, olar döwlet edaralaryna raýat jemgyýetiniň institutlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman guralyny döretmäge ünsi jemlemegi, özara ynamy artdyrmak üçin durmuş taýdan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çeýe görnüşlerini we netijeli usullaryny işläp taýýarlamagy teklip etdiler.

Şeýle hem Forumda häzirki zaman sanly giňişlikde zenanlaryň eýeleýän orny, maşgala gymmatlyklaryny berkitmek boýunça ýaşlar bilen işlemek, telekeçilikde, işe ýerleşmekde zenanlaryň hukuklary we mümkinçilikleri ýaly wajyp meselelere we beýlekilere garaldy. Şu işlerde jemgyýetçilik guramalarynyň eýeleýän ornunyň jedelsizdigi bellenildi.

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky “Döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge ýardam bermek” (Governance Support Program, GSP) taslamasynyň goldaw bermeginde “Ýenme” JG-si Forumyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Orient news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026