HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan ýetmezçilige garamazdan, Owganystana elektrik energiýanyň eksportyny dowam edýär

Dekabr 13, 2022 | 08:22 |4379
Özbegistan gyş döwründe elektrik energiýanyň ýetmezçiligine garamazdan, import boýunça çykdajylaryny ýapmak üçin ony Owganystana eksport etmegini dowam edýär diýip, wise-premýer, energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýan etdi.Özbegistan gyş döwründe elektrik energiýanyň ýetmezçiligine garamazdan, import boýunça çykdajylaryny ýapmak üçin ony Owganystana eksport etmegini dowam edýär diýip, wise-premýer, energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýan etdi.
Çeşme:

Özbegistan gyş döwründe elektrik energiýanyň ýetmezçiligine garamazdan, import boýunça çykdajylaryny ýapmak üçin ony Owganystana eksport etmegini dowam edýär diýip, wise-premýer, energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow beýan etdi.

“Biziň daşary ýurtlardan 20 million kWt.s golaý elektro energiýany (bir gije-gündizde) import edýändigimizi nazara alyp, daşary ýurt pul serişdeleriniň çykdajylarynyň bir bölegini ýapmak üçin 5-6 kWt.s elektrik energiýany eksport edip Owganystana iberýäris” diýip, Mirzamahmudow ýerli gazeta.uz internet neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy ýokarlanan islegi göz öňünde tutup, elektrik energiýany Türkmenistandan import edýändigini anyklaşdyrdy. “Bularyň ählisi içerki harajatlary ýapmaga gönükdirilýär” diýip, Mirzamahmudow sözüniň üstüni ýetirdi.

“Nasionalnyýe elektriçeskiýe seti” özbek PJ 2019-njy ýylda Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) kompaniýasy bilen “al ýa-da töle” şertlerinde dokuz ýyl möhlete her ýyl 6 milliard kWt.s çenli elektrik energiýany ibermäge şertnama baglaşdy.

Awgustda Özbegistanyň energetika ministrligi DABD-den 2021-nji ýylda iberilen elektrik energiýa üçin hasaplaşygy alandygyny, 2022-nji ýylda iberilen energiýa üçin tölegleriň amala aşyrylýandygyny habar beripdi. Edaranyň maglumatlaryna görä, şu ýyl Özbegistandan Owganystana elektrik energiýany ibermegiň möçberi 2,21 milliard kWt.s möçberinde kesgitlenildi.

Şunuň bilen býaglylykda, Türkmenistanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda Owganystanyň demirgazyk sebitlerini ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýa bilen üpjün edip gelýändigini bellemek gerek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026
Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

14:00 Awgust 26, 2026
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026