HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we RF öz aralarynda demirýol edaralarynyň wekilhanalaryny açar

Dekabr 13, 2022 | 08:05 |13385
“Türkmendemirýollary”-nyň wekilhanasy Russiýada, “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” kompaniýasynyň edarasy bolsa Türkmenistanda açylar. Bu baradaky ylalaşyk Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy diýlip, RŽD-niň metbugat gullygy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.“Türkmendemirýollary”-nyň wekilhanasy Russiýada, “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” kompaniýasynyň edarasy bolsa Türkmenistanda açylar. Bu baradaky ylalaşyk Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy diýlip, RŽD-niň metbugat gullygy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.
Çeşme:

“Türkmendemirýollary”-nyň wekilhanasy Russiýada, “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” kompaniýasynyň edarasy bolsa Türkmenistanda açylar. Bu baradaky ylalaşyk Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy diýlip, RŽD-niň metbugat gullygy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

Bilermenler bu bölümi 2023-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamsyna girizdiler. Resminama “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow hem-de “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň baş direktory Oleg Belozýorow gol çekdiler.

Ikitaraplaýyn ylalaşyk, şeýle hem ýük daşalyşyny artdyrmakda, logistika nokatlaryny we bu ulgamda hyzmaty ösdürmekde hyzmatdaşlygy, “Demirgazyk-Günorta” gündogar ugry boýunça yzygider konteýnerli gatnawlaryň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gysga möhletlerde oba hojalyk önümleriniň, çig mal we senagat ýükleriniň daşalmagyny ýerine ýetirýän yzygiderli otly gatnawynyň guralmagyny düzgünleşdirýär.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasyny gurmak, döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmagy ylalaşdylar. Sanlylaşdyrmak ulgamynda hem okatmak göz öňünde tutulýar.

ORIENT news
Surat: Suleýman Çaryýew

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026