HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇM-daky söwdalaşyklar: uçar ýangyjyna we nah ýüplügine isleg bildirildi

Dekabr 14, 2022 | 15:52 |4953
Anna güni 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda umumy jemi 3,7 million amerikan dollary we 262,5 müň TMT bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda umumy jemi 3,7 million amerikan dollary we 262,5 müň TMT bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni 9-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda umumy jemi 3,7 million amerikan dollary we 262,5 müň TMT bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Özbegistandan gelen telekeçi söwdalaşyklarda 4,8 müň tonna TS-1 kysymly uçar kerosinini satyn aldy we önümiň her tonnasyna 771 amerikan dollaryny teklip etdi. Geleşigiň umumy jemi 3,7 million amerikan dollaryndan geçdi.

Irlandiýaly telekeçi söwdalaşyklarda jemi 27 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan 12,6 müň kg nah ýüplügini satyn aldy. Şeýle hem Gazagystandan gelen işewür milli manat hasabynda bahasy 262,5 müň TMT bolan şertnamanyň esasynda 8,4 müň kg nah ýüplügini satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026