HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sankt-Peterburg 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar

Dekabr 13, 2022 | 01:28 |5517
Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.
Çeşme:

Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.

– Tanyşdyryş dabarasy GDA ýurtlaryndan 200-den gowrak wekili ýygnan Arkalaşygyň agza döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumynda geçirildi – diýip, TASS habar berýär.

“Russiýanyň medeni paýtagty bolan Demirgazyk Palmira üçin geljek ýyl tutuş GDA-nyň medeni paýtagty bolmak – uly buýsanç. Sankt-Peterburg turuwbaşdan hemmeler üçin açyk şäher" - diýip, Sankt-Peterburgyň Medeniýet komitetiniň başlygy Stanislaw Moldowanow aýtdy.

Arkalaşygyň şäherlerinden her ýyl biri GDA-nyň medeni paýtagty diýen hormatly derejä eýe bolýar. Nobatdaky paýtagty Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşi tassyklaýar. Bu maksatnama birleşigiň agza döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň ýardamy bilen amala aşyrylýar.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Mary şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigini we 2016-njy ýylda bu derejäniň ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezi – Daşoguz şäherine berilendigini ýatladýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026