HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasyny dünýä jemgyýetçiligi üçin Konstitusiýa hökmünde hasaplaýar

Dekabr 12, 2022 | 18:31 |6028
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow «Dialog –  parahatçylygyň kepili» atly maslahatynda BMG-niň ornuny tutup biljek başga halkara guramasynyň ýokdugyny belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow «Dialog –  parahatçylygyň kepili» atly maslahatynda BMG-niň ornuny tutup biljek başga halkara guramasynyň ýokdugyny belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
Çeşme: artfile.ru

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly maslahatynda BMG-niň ornuny tutup biljek başga halkara guramasynyň ýokdugyny belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

«Häzirki wagtda BMG-niň işini çalşyp biljek başga bir halkara gurluş ýok. BMG-niň Tertipnamasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň Konstitusiýasydyr. 70 ýyl mundan ozal kabul edilen parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we halkara gatnaşyklarynda hormat goýmak gymmatlyklary häzirki zaman dünýäsi üçin häzirem möhüm ähmiýete eýedir. Biz BMG-niň parahatçylygy we gepleşikleri alyp barmakdaky esasy ornuna berk ynanýarys» - diýip, ministr belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri diňe hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň we bilelikdäki tagallalaryň üsti bilen ýurtlaryň geljek nesiller üçin asuda we öňdengörüjilikli geljegi kepillendirip boljakdygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan, BMG-ni dünýä jemgyýetçiligi üçin iň gymmatly üstünlik hasaplaýar.

«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahaty ýekşenbe güni Türkmenistanyň bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026