Türkmen konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertini berdi


Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konsertini berdi. Çykyşlar Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy.
Konsertiň ilkinji çykyşy hökmünde konserwtoriýanyň talyplary Azat Bazarow we Güljemal Taýlyýewa “Arkadagly Serdar bilen” diýen aýdymy ýerine ýetirdiler. Olara Türkmenistanyň at gazanan artisti, drižor we kompozitor Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestri sazandarlyk etdi.
Şeýle hem halk orkestriniň ýerine ýetirmeginde Pürli Saryýewiň hem-de Annageldi Jülgäýewiň sazlary ýaňlandy.
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar topary halk sazlaryny hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Antonio Bassininiň “Horowod duhow” atly skripkada ussatlyk bilen ýerine ýetirilen miniatýura täze ýaňlandy, ony tarda Serdar Jumamyradow ýerine ýetirdi (konsertmeýster Agajan Amanow).
Kamera saz ansambly kafedrasynyň mugallymy Stella Faramazowanyň talyplary – Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt) we Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) nemes kompozitory Maks Bruhyň “Trio”-syny ýerine ýetirdiler.

Tromboçy Döwran Gylyjow Aleksandr Arutýunýanyň “Ekspromtyny” (konsertmeýster Ýewgeniý Silýutin) görkezdi, skripkaçy Jemal Agajanowa bolsa Pablo Sarasateniň “Syganskiýe napewy” eserini (konsertmeýster Stella Faramazowa) ýerine ýetirdi.

Aşyr Kuleýewiň “Sonata”-synyň üçünji bölegini Merjen Amanowa (fortepiano), Ferens Listiň “Etýud po Paganini lýa minor” eserini Şaislam Komiljanow ýerine ýetirdiler.

Konserwatoriýanyň drižýor Ýelena Moskwiçewanyň we hormeýster Rano Orunowanyň ýolbaşçylygyndaky hory Weli Ahmedowyň “Birdenkä gördüm” hem-de Orazgylyç Gurbannyýazowyň “Seniň ýüzüň” aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Konserwatoriýanyň simfoniki orkestri milli nusgawy saz eserleri bile çykyş etdi. Adriýan Şapoşnikowyň we Daňatar Öwezowyň “Aýna” operasyndan Saparyň we Bibiniň dueti, Adriýan Şapoşnikowyň we Weli Muhadowyň “Zöhre we Tahyr” operasyndan “Piýala” eserinden bölek (aýdymçylar Güljemal Taýlyýewa we Meýlis Hasanow, dirižýor Berdinazar Çaryýew), şeýle hem Nury Halmämmedowyň düzen “Türkmenistan” hem-de Suhan Tüýliýewiň “Meniň Watanym” eserleri (aýdymçylar Dünýägözel Begaliýewa we Kadyr Esenow, dirižýor Döwletmämmet Ökdirow) ýaňlandy.

Konserti baýramçylyk günlerinde aýdym-sazly “Türkmen owazy” teleradioýaýlymy ýazgyda görkezer.
Agajan AÇYLOW








