HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertini berdi

Dekabr 11, 2022 | 18:57 |9513
Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konsertini berdi. Çykyşlar Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy.Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konsertini berdi. Çykyşlar Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy.
Çeşme:

Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konsertini berdi. Çykyşlar Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy.

Konsertiň ilkinji çykyşy hökmünde konserwtoriýanyň talyplary Azat Bazarow we Güljemal Taýlyýewa “Arkadagly Serdar bilen” diýen aýdymy ýerine ýetirdiler. Olara Türkmenistanyň at gazanan artisti, drižor we kompozitor Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestri sazandarlyk etdi.

Şeýle hem halk orkestriniň ýerine ýetirmeginde Pürli Saryýewiň hem-de Annageldi Jülgäýewiň sazlary ýaňlandy.

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar topary halk sazlaryny hem-de häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

3. Sardar Jumamyradow-1.jpg

Antonio Bassininiň “Horowod duhow” atly skripkada ussatlyk bilen ýerine ýetirilen miniatýura täze ýaňlandy, ony tarda Serdar Jumamyradow ýerine ýetirdi (konsertmeýster Agajan Amanow).

Kamera saz ansambly kafedrasynyň mugallymy Stella Faramazowanyň talyplary – Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt) we Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) nemes kompozitory Maks Bruhyň “Trio”-syny ýerine ýetirdiler.

4.Trio.jpg

Tromboçy Döwran Gylyjow Aleksandr Arutýunýanyň “Ekspromtyny” (konsertmeýster Ýewgeniý Silýutin) görkezdi, skripkaçy Jemal Agajanowa bolsa Pablo Sarasateniň “Syganskiýe napewy” eserini (konsertmeýster Stella Faramazowa) ýerine ýetirdi.

5. Dowran Gylyjow.jpg

Aşyr Kuleýewiň “Sonata”-synyň üçünji bölegini Merjen Amanowa (fortepiano), Ferens Listiň “Etýud po Paganini lýa minor” eserini Şaislam Komiljanow ýerine ýetirdiler.

7. Merjen Amanowa.jpg

Konserwatoriýanyň drižýor Ýelena Moskwiçewanyň we hormeýster Rano Orunowanyň ýolbaşçylygyndaky hory Weli Ahmedowyň “Birdenkä gördüm” hem-de Orazgylyç Gurbannyýazowyň “Seniň ýüzüň” aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

9. Hor.jpg

Konserwatoriýanyň simfoniki orkestri milli nusgawy saz eserleri bile çykyş etdi. Adriýan Şapoşnikowyň we Daňatar Öwezowyň “Aýna” operasyndan Saparyň we Bibiniň dueti, Adriýan Şapoşnikowyň we Weli Muhadowyň “Zöhre we Tahyr” operasyndan “Piýala” eserinden bölek (aýdymçylar Güljemal Taýlyýewa we Meýlis Hasanow, dirižýor Berdinazar Çaryýew), şeýle hem Nury Halmämmedowyň düzen “Türkmenistan” hem-de Suhan Tüýliýewiň “Meniň Watanym” eserleri (aýdymçylar Dünýägözel Begaliýewa we Kadyr Esenow, dirižýor Döwletmämmet Ökdirow) ýaňlandy.

10. Simfoniki orkestr.jpg

Konserti baýramçylyk günlerinde aýdym-sazly “Türkmen owazy” teleradioýaýlymy ýazgyda görkezer.

Agajan AÇYLOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026