HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýetiniň Moskwa bolan saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-sine gol çekildi

Dekabr 12, 2022 | 05:23 |7435
Çarşenbe güni Moskwada wise-premýerler Raşid Meredowyň we Alekseý Owerçugyň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.Çarşenbe güni Moskwada wise-premýerler Raşid Meredowyň we Alekseý Owerçugyň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme:

Çarşenbe güni Moskwada wise-premýerler Raşid Meredowyň we Alekseý Owerçugyň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.

Soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan türkmen-rus söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna we geljegine garaldy.

“Gepleşikler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, täze ugurlara çykmaga ikitaraplaýyn gyzyklanmany tassyklady” diýlip, türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat ulgamlary, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş ýaly pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilendigi bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara hem üns berildi.

Wekiliýetleriň baştutanlary iki ýurduň prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda ähli ugurlar hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasoýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mazmuny boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-sine, şol sanda Türkmenistan we Russiýa Federeasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna, ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ulgamlarda ylalaşyklara gol çekildi.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş ministrliklerinniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026