Kazanda GDA ýurtlary ÝUNESKO-da özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler


GDA gatnaşyjy döwletler ÝUNESKO-nyň çklerinde özara gatnaşyk etmegiň meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň maslahatlaşmalarynda bütindünýä medeni we tebigy mirasyň desgalaryny gorap saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk duşenbe güni Kazanda Bütindünýä mirasyny goramak hakynda konwensiýanyň labul edilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara forumynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýaýradan habarynda aýdylýar.
Mejlise ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli komissiýalaryň jogapkär sekretarlary we Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri gatnaşdylar.
GDA gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-da mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmeginiň geljegi uly ugurlaryna garaldy hem-de ynsanperwer ulgamda köpugurly hökümetara hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde durýan has möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli komissiýalaryň arasyndaky özara gatnaşyklar, bu halkara meýdançasynda GDA ýurtlarynyň işiniň utgaşdyrylmagy, ÝUNESKO-nyň syýasata degişli bolmazlygy barada gürrüň edildi.
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky indiki maslahatlaşmalary 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde Minsk şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.
ORIENT news








