HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan gyrgyzystanly awtoulag ýük daşaýjylaryna port hyzmatlary üçin ýeňillikler berer

Dekabr 11, 2022 | 16:07 |5823
Türkmenistan Gyrgyzystany üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlar bilen üpjün etmäge taýýardyr. Şonuň bilen birlikde, awtoulag ýük daşaýjylaryndan alynýan üstaşyr ýygymlary ýatyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Gyrgyzstan Respublikasynyň Transport ministrliginiň web sahypasynda sişenbe güni çap edilen Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana iş sapary baradaky hasabatynda habar berilýär.Türkmenistan Gyrgyzystany üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlar bilen üpjün etmäge taýýardyr. Şonuň bilen birlikde, awtoulag ýük daşaýjylaryndan alynýan üstaşyr ýygymlary ýatyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Gyrgyzstan Respublikasynyň Transport ministrliginiň web sahypasynda sişenbe güni çap edilen Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana iş sapary baradaky hasabatynda habar berilýär.
Çeşme:

Türkmenistan Gyrgyzystany üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlar bilen üpjün etmäge taýýardyr. Şonuň bilen birlikde, awtoulag ýük daşaýjylaryndan alynýan üstaşyr ýygymlary ýatyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Gyrgyzstan Respublikasynyň Transport ministrliginiň web sahypasynda sişenbe güni çap edilen Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana iş sapary baradaky hasabatynda habar berilýär.

Türkmenbaşy portunda Tekebaýew "Türkmendeňizderyayollary" agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşdy. Duşuşykda Gyrgyzystan Respublikasy - Özbegistan Respublikasy - Türkmenistan (Türkmenbaşy porty) - Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) alternatiw multimodal ugruň işe girizilmeginiň wajyp ähmiýeti bellendi.

“Türkmen tarapy bu ugurda üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlary göz öňünde tutmaga taýýardygyny aýtdy. Häzirki wagtda 4 gämi duralgasynyň hyzmatyndan peýdalanylýar, olaryň üçüsi awtoulag boýunça we biri – demir ýol ulagy üçin” – diýlip, habarda bellenilýär.

Rus tarapy bu geçelge üçin gyrgyz ýük daşaýjylaryny parom bilen üpjün etmäge taýyn. Ilkibada her gün Türkmenbaşy portundan Astrahana çenli 50-60 ulagy daşamak meýilleşdirilýär. Geljekde Mahaçkala portunyň kömegi bilen konteýner daşalyşyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşygy geçirildi.

Şol sanda, gürrüň ady agzalan alternatiw ýoly ulanmak üçin Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn iş maslahatyny geçirmek, şeýle hem, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek üçin tölegleri ýatyrmak mümkinçiligi barada boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026