Ýekaterinburg 22 ýurduň toparlarynyň Talyp sportunyň Halkara festiwalyna gelmegine garaşýar


Russiýanyň sport ministri Oleg Matysin geljek ýyl Ýekaterinburgda geçiriljek “Talyp sportunyň Halkara festiwaly” atly sport çäresine 22 ýurtdan 4000-den gowrak türgeniň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Festiwala 22 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, 17-23 ýaş aralygyndaky 4000-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sportuň 14 görnüşi boýunça baýrak hökmünde jemi 93 medal goýular.
Russiýanyň bu şäheri Halkara talyp sporty federasiýasynyň (HTSF) Bütindünýä talyp oýunlaryny kabul etmelidi, ýöne onuň bu çäräni geçirmek hukugy togtadyldy.
Şeýle hem, Matysin HTSF-nyň saýlanan prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär, emma geçen ýyl Russiýanyň hökümet işgärleriniň Bütindünýä antidoping kodeksine gol çeken halkara dolandyryş edarasynda wezipe eýelemegi gadagan edýän doping sanksiýalarynyň hereket edýän döwründe oňa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
“Talyp sportunyň Halkara festiwaly”, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 8-19-njy awgust aralygynda geçiriler.
Hytaýyň Çendu şäherinde HTSF-nyň oýunlary 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli dowam eder. Geçen aý Matysin Russiýanyň gatnaşmagy üçin Hytaýyň goldawyna garaşýandygyny mälim etdi.
ORIENT news








