HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Frenk Sinatranyň saýlanan eserleri ýerine ýetiriler

Dekabr 15, 2022 | 04:18 |8524
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýetmerkeziniň Mukamlar köşgünde «Frenk Sinatra we onuň ähli eserleri!» atly konsert geçiriler. Maksatnama bir wagtlar ýokary ussatlygy we «mahmal» sesi bilen meşhur bolan amerikan aýdymçysynyň saýlanan eserlerini öz içine alar.18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýetmerkeziniň Mukamlar köşgünde «Frenk Sinatra we onuň ähli eserleri!» atly konsert geçiriler. Maksatnama bir wagtlar ýokary ussatlygy we «mahmal» sesi bilen meşhur bolan amerikan aýdymçysynyň saýlanan eserlerini öz içine alar.
Çeşme:

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýetmerkeziniň Mukamlar köşgünde «Frenk Sinatra we onuň ähli eserleri!» atly konsert geçiriler. Maksatnama bir wagtlar ýokary ussatlygy we «mahmal» sesi bilen meşhur bolan amerikan aýdymçysynyň saýlanan eserlerini öz içine alar.

Sahnada sazandanyň millionlarça diňleýjiniň ýüregini gazanan «My way», «Strangers in the night», «New York, New York» we Nury Nuryýewiň, Meýlis Garaýewiň we Döwran Şammyýewiň ýerine ýetirmeginde onuň beýleki meşhur kompozisiýalary ýaňlanar. Aýdymçylara instrumental we üflenip çalynýan toparlar sazandarlyk ederler.

«Köp tomaşaçylar Frenk Sinatranyň döredijiligine bagyşlap aýratyn konsert guramagymyzy haýyş etdiler. Sebäbi onuň ýerine ýetiren aýdymlary estradanyň nusgawy eserleriniň hataryna girdi. Frenk Sinatra aýdym-sazyň we stiliň etalony hasaplanýardy – diýip, konserte gatnaşyjylaryň biri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow aýtdy.

Şeýle hem aýdym-saz agşamynyň myhmanlary Maýkl Bubleniň, Jorj Maýklyň, Din Martiniň we başgalaryň eserlerini diňläp bilerler.

Gyzyklanmanyň artmagy sebäpli, gurnaýjylar bir günde iki konsert, ýagny sagat 17:00-da we 19:00-da geçirerler. Petekleri aşakdaky telefon belgilerinden sargyt edip bilersiňiz: (+993 12) 22-38-98, (+993 63) 46-71-77, (+993 64) 03-74-56.

ORIENT news
Surat: jazzpeople.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026