Russiýanyň alymlary düwnük keseliniň bejergä durnuklylygyny kesgitleýän tehnologiýanyň takyklygyny ýokarlandyrdylar


Kazanyň Federal Uniwersitetiniň alymlary neýroblastomanyň (merkezi nerw ulgamynyň düwnük keseliniň) derman serişdelerine garşylygyny has takyk kesgitleýän synag ulgamyny döretdiler. Bu barada RIA Nowosti agentligi Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligine salgylanyp, habar berýär.
Neýroblastoma – ýaş çagalarda ýüze çykýan iň köp ýaýran çişleriň biridir. Şeýle hem himiki serişdelere durnukly we bejermesi kyn hasaplanýar. Alymlaryň ylmy gazananlarynyň ösüşiniň netijesinde lukmanlara bu kesele garşy göreşmek üçin dogry dermanlary saýlamak has aňsat bolar.
Bir çişiň derman serişdelerine garşylygyny kesgitlemek üçin alymlar witro görnüşinde onuň bir nusgasyny döredýärler we dermanyň ýetirýän täsirine gözegçilik edýärler. Synagyň takyklygy, onkologiýa keseliniň ösmegine goşmaça faktorlaryň – goňşy öýjükleriň we adamyň immun ulgamynyň öýjükleriniň täsirini göz öňünde tutup ösdürildi.
Munuň üçin KFU-nyň Fundemental lukmançylyk we biologiýa institutynyň «Gen we öýjük tehnologiýalary» ylmy barlag laboratoriýasynyň alymlary çiş dokumasyndaky öýjükleriň birnäçe nesiliniň bilelikde ösdürip ýetişdirmek usulyny ulandylar. Alymlaryň pikirine görä, birmeňzeş çiş öýjüklerinde adaty synag usulyny ulanyp, bedende çişiň düzümi we mikro-gurşawy barada takyk netijeleri almak elmydama mümkin däldir.
Şeýlelik bilen, olar öýjük nesiliniň üç görnüşini - süňk ýiliginden emele gelen öýjükleri, immun gan öýjükleriniň garyndysyny we adamyň neýroblastoma öýjük çyzygyny ulandylar. Şeýle «toplumdaky» öýjükler biri-biri bilen işjeň «aragatnaşyk saklaýar». Kök we immun öýjükleri hem öz gezeginde zyýanly çişe mahsus bolan çişme gurşawynyň döremegine goşant goşdy. Netijede, bu ýagdaýda, düwnük öýjükleriniň adaty şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän zyýanly öýjüklere garanyňda, çiş keseline garşy dermanyň täsirine has çydamlydygy ýüze çykaryldy.
ORIENT news
Surat: FireStock








