HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropada howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli, gazyň bahasy ýokarlanýar

Dekabr 10, 2022 | 04:44 |4689
ICE biržasynyň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Ýewropada ýanwar aýy üçin  gaz üpjünçiligi baradaky şertnamalar (fýuçersler) her 1000 kubmetr üçin ABŞ-nyň 1500 dollaryndan gowrak bahadan satyldy. TTF (Niderlandlarda ýerleşýän Ýewropanyň iň uly gaz merkezi)  indeksi boýunça ýanwar fýuçersleri 1489 dollara deň bolan baha bilen (-1%) söwdany açdylar. Şol gün günortan Ýewropada gazyň bahasy 1514,5 dollara (+ 0.7%) barabar boldy.ICE biržasynyň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Ýewropada ýanwar aýy üçin  gaz üpjünçiligi baradaky şertnamalar (fýuçersler) her 1000 kubmetr üçin ABŞ-nyň 1500 dollaryndan gowrak bahadan satyldy. TTF (Niderlandlarda ýerleşýän Ýewropanyň iň uly gaz merkezi)  indeksi boýunça ýanwar fýuçersleri 1489 dollara deň bolan baha bilen (-1%) söwdany açdylar. Şol gün günortan Ýewropada gazyň bahasy 1514,5 dollara (+ 0.7%) barabar boldy.
Çeşme:

ICE biržasynyň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Ýewropada ýanwar aýy üçin gaz üpjünçiligi baradaky şertnamalar (fýuçersler) her 1000 kubmetr üçin ABŞ-nyň 1500 dollaryndan gowrak bahadan satyldy. TTF (Niderlandlarda ýerleşýän Ýewropanyň iň uly gaz merkezi) indeksi boýunça ýanwar fýuçersleri 1489 dollara deň bolan baha bilen (-1%) söwdany açdylar. Şol gün günortan Ýewropada gazyň bahasy 1514,5 dollara (+ 0.7%) barabar boldy.

13-nji oktýabrdan bäri ICE biržasynda ilkinji gezek 1-nji dekabrda ýakyn geljek üçin fýuçersleriň bahasy 1700 dollardan geçdi (1780 dollara barabar boldy). Ýewropadaky bahalar howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli ýokarlandy.

KHBS Ýewropada bahalaryň ýokarlanmagyndan soň, Aziýada hem gazyň bahasynyň gymmatlandygyny bellediler. JKM Platts indeksiniň fewral aýy üçi fýuçers bahasy 1302 dollara bardy.

Germaniýanyň Federal tor agentligi ýurtdaky howa ýagdaýa baha berlişini "dartgynlydan" "agyr" diýen derejä üýtgetdi. Agentlik ýakyn ýedi günüň dowamynda howanyň temperaturasynyň soňky dört ýyldaky (2018-2021) ortaça temperaturasyndan ýokary boljakdygy çaklanylanda, ýagdaýy "durnukly" diýip atlandyrýar, eger ondan 0-2 dereje pes bolsa, "dartgynly" we şol döwür bilen deňeşdirilende, adaty derejeden iki dereje pes bolsa, "agyr" diýip belleýär.

Germaniýanyň Federal tor agentligi “Bu hepdä çaklama howanyň soňky dört ýyldaky ortaça temperaturasyndan 2,38 gradus pes, şonuň üçin sarp edişiň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylmalydygyny” duýdurýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026