HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär

Dekabr 13, 2022 | 05:58 |11641
Gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan Pakistanyň Hökümeti Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny (SNG) import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada penşenbe güni Pakistan today neşiri habar berýär.Gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan Pakistanyň Hökümeti Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny (SNG) import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada penşenbe güni Pakistan today neşiri habar berýär.
Çeşme:

Gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan Pakistanyň Hökümeti Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny (SNG) import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada penşenbe güni Pakistan today neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen geňeşmelerden soň, Kwettadaky (Belujistanyň paýtagty) gümrük gullugy Çamandaky serhediň üsti bilen suwuklandyrylan nebit gazyny import etmegiň meýilnamasyny Federal salgyt gullugyna iberdi. Pakistan today çeşmeleri federal hökümetiň Türkmenistandan SNG import etmekde uly ädim ätmäge taýýardygyny we gaz daşaýjylary getirmek boýunça rugsatnama taýýarlanylýandygyny habar berdiler.

Meýilnama laýyklykda, owgan daşaýjylary Çamandaky serhetden boş pakistan awtosisternalary suwuklandyrylan nebit gazy bilen doldurmak üçin Turgunda Türkmenistan bilen serhet geçiriş nokadyna getirerler, soňra ýangyç daşaýjylar yzyna – Çamana gaýdyp bararlar we ol ýerde pakistan daşaýjylaryna gowşurarlar. Olar ýüki Pakistanda zerur nokatlara ýetirerler.

Pakistan today-iň salgylanýan resminamalarynda üç sany meýilnama görkezilýär — ýakyn geljek üçin, gysga möhletli we uzak möhletli. Birinji meýilnama haýal etmezden, durmuşa geçirilip başlanar. Gysga möhletli meýilnama üçin alty aýdan sekiz aýa çenli, uzak möhletli meýilnama üçin bolsa – bir ýyl gerek bolar.

Uzak möhletli meýilnama suwuklandyrylan nebit gazyny pakistan awtoýangyç dolduryjylaryna ýüklemek üçin beketleri gurmagy meýilleşdirýär.

Pakistan güýçli gaz ýetmezçiligine duçar bolýar, ýerli üpjünçilik çalt azalýar, gyş aýazlarynyň bazar bahalarynyň ýokarlanmagyna getirmegi sebäpli, suwuklandyrylan tebigy gazyň bütin dünýäde uly islegden peýdalanýandygy üçin gymmatly çig mal Pakistan üçin elýeter çäkden geçdi.

Salgylanma: Suwuklandyrylan nebit gazy (SNG) (liquefied petroleum gas - LPG), adaty temperaturada gaz ýagdaýynda we sowadylanda ýa-da basyş astynda suwuk hala geçýän nebitli gatlakdan alnan ýeňil uglewodorodlaryň garyndysydyr. SNG nebiti we ugurdaş gazly nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň iň ýokary hillisidir. Suwuklandyrylan gazlarda işläninde ýokary tehniki-ykdysady we arassaçylyk görkezijilerine eýe bolan awtoulag hereketlendirijilerinde motor ýangyjy hökmünde ulanylanda möhüm artykmaçlyklary bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026